Aşgabat

Oguzkent myhmanhanasy 5★

2011-nji ýylda açylan bäş ýyldyzly Oguzkent myhmanhanasy Aşgabadyň merkeziniň ajaýyp görnüşini hödürleýän, özboluşly we örän döwrebap myhmanhana toplumydyr. Myhmanhananyň ähli desgalarynyň umumy meýdany 95 200 inedördül metre barabardyr.

Ak mermerden gurlan haşamly binanyň daşky ýüzi şöhlelendiriji aýnalar bilen örtülendir. Myhmanhana şäheriň taryhy gözel ýerlerinden takmynan 12 kilometr, Aşgabat halkara howa menzilinden bolsa bary-ýogy 6 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Oguzkent myhmanhanasynda döwrebap görnüşde bezelen we rahat ýaşamak üçin zerur bolan ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 283 sany kaşaň otag bar. Myhmanlar açyk we ýapyk howuzlardan, tennis meýdançalaryndan hem-de gözellik salonynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Myhmanhananyň ýokarky gatynda paýtagtyň panoramaly görnüşini hödürleýän meşhur restoran ýerleşýär.

Işewür myhmanlar üçin mejlisler zallary, işewürlik merkezi we mugt Wi-Fi internet ulgamy göz öňünde tutulandyr.

Otagdaky amatlyklar:

  • Hajathana we ýuwunylýan otag
  • Wanna
  • Duş kabinasy
  • Telewizor
  • Sputnik telewideniýesi
  • Ýuwunylýan otagdaky aýna
  • Kosmetiki aýna
  • Boýdan-başa aýna
  • Düşek
  • Minibar
  • Kondisioner
  • Gyşky we tomusky howa sazlaýyş tertibi
  • Telefon
  • Seýf
  • Açylýan penjireler
  • Ýazuw stoly
  • Geýim şkafy
  • Çaý stoly
  • Diwan
  • Kreslo
  • Myhman otagy
  • Nahar stoly
  • Goş goýulýan tekje

Myhmanhananyň hyzmatlary:

  • Gije-gündiziň dowamynda otag hyzmaty
  • Poçta hatlaryny eltip bermek
  • Kir ýuwmak hyzmaty
  • Goş daşaýjy hyzmaty
  • Howa menziline we demir ýol menziline transfer — tölegli
  • Otagda ertirlik — mugt
  • Goşmaça düşek — tölegli
  • Internet — mugt
  • Sargyt boýunça nahar

Myhmanhananyň infrastrukturası:

  • Bar
  • Restoran
  • Gijeki klub
  • Tomusky kafe
  • Işewürlik merkezi
  • Mejlisler zallary
  • Gözellik salony
  • Çagalar üçin krowatlar
  • Çilim çekilmeýän otaglar
  • Maşgala otaglary
  • Awtoduralga
  • Fitnes zaly
  • Türgenleşik zaly
  • Açyk howuz
  • Ýapyk howuz
  • Howzuň ýanyndaky bar
  • Sauna
  • Massaž otagy
  • Tennis meýdançasy
  • Stol tennisi
  • Myhmanhana seýfi
  • Lift
  • Walýuta çalşygy
  • Sowgatlyk harytlar dükany

Otaglaryň sany: 283

Umumy meýdany: 95 200 m²

Howa menzilinden uzaklygy: 6 km

Taryhy gözel ýerlerden uzaklygy: 12 km