Aşgabat

Ýyldyz myhmanhanasy 5★

Ýyldyz myhmanhanasy Aşgabadyň iň belent ýerleriniň birinde ýerleşip, paýtagtyň hem-de Köpetdagyň ajaýyp panoramaly görnüşini hödürleýär. Beýikligi 107 metre ýetýän 24 gatly binadan Türkmenistanyň paýtagtynyň giň görnüşi açylýar. Myhmanhanadan şäheriň dürli ýerlerine tiz we amatly baryp bolýar. Aşgabat halkara howa menziline çenli aralyk takmynan 10 kilometrdir.

Myhmanlar irden gyzgyn kofe we ertirlik nahary bilen güne başlap, günortan nepis tagamlardan, agşam bolsa ýokary hilli içgilerden, dünýä aşhanasynyň tagamlaryndan hem-de Aşgabadyň we Köpetdagyň panoramaly görnüşinden lezzet alyp bilerler. Öz işiniň ussady bolan aşpezleriň taýýarlaýan däp bolan we halkara tagamlary dürli islegleri kanagatlandyrýar.

«Panorama» restoranynyň VIP zaly işewürlik agşamlyk naharlaryny, hususy duşuşyklary we aýratyn çäreleri geçirmek üçin amatlydyr. Agşamky janly aýdym-saz myhmanlara wagtyny ýakymly geçirmäge mümkinçilik berýär.

2 500 inedördül metr meýdanda ýerleşýän Fit & Spa merkezi hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilýän dürli massaž usullaryny, gidroterapiýany, tebigy bejergileri, saglygy we gözelligi berkitmäge, bedeni rahatlandyrmaga hem-de dikeltmäge gönükdirilen giň gerimli hyzmatlary hödürleýär.

Myhmanhanada işewür myhmanlaryň wagtyny tygşytlamaga aýratyn üns berilýär. Myhmanlar myhmanhanadan çykmazdan duşuşyklary geçirip we iş meselelerini çözüp bilerler. Resmi kabul edişlikleri, maslahatlary, mejlisleri we okuw maslahatlaryny halkara derejesinde guramak üçin zerur şertler döredilendir.

Meýdany 1 000 inedördül metr bolan kongres merkezi 600-den gowrak adamy kabul edip bilýär. Göçme germewleriň kömegi bilen uly mejlisler zalyny 30–40, 200–250 adama niýetlenen kiçi zallara öwürmek bolýar. Döwrebap tehniki mümkinçilikler dürli görnüşdäki çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün edýär.

Otag görnüşleri:

  • Gowulandyrylan standart otag
  • Standart delýuks otag
  • Iki orunlyk standart delýuks otag
  • Mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin standart delýuks otag
  • Wekilçilik lýuksy
  • Prestij lýuksy

Myhmanhananyň hyzmatlary:

  • Gije-gündiziň dowamynda otag hyzmaty
  • Poçta hatlaryny eltip bermek
  • Kir ýuwmak hyzmaty
  • Lukmançylyk kömegi
  • Goş daşaýjy hyzmaty
  • Howa menziline we demir ýol menziline transfer — tölegli
  • Otagda ertirlik — mugt
  • Goşmaça düşek — tölegli
  • Internet — mugt
  • Otaglarda, kabulhanada we myhmanhananyň çäginde Wi-Fi

Myhmanhananyň infrastrukturası:

  • Bar
  • Restoran
  • Gijeki klub
  • Tomusky kafe
  • Işewürlik merkezi
  • Mejlisler zaly
  • Kongres merkezi
  • Gözellik salony
  • Çagalar üçin krowatlar
  • Çagalar meýdançasy
  • Çilim çekilmeýän otaglar
  • Ýapyk awtoduralga
  • Türgenleşik zaly
  • Açyk howuz
  • Ýapyk howuz
  • Howzuň ýanyndaky bar
  • Sauna
  • Massaž otagy
  • Tennis meýdançasy
  • Myhmanhana seýfi
  • Lift
  • Walýuta çalşygy
  • Sowgatlyk harytlar dükany
  • Diskoteka

Ertirlik: 07:00–10:30

Bellige alyş: 12:00

Otagy tabşyrmak: 12:00

Howa menzilinden uzaklygy: 10 km