Bize 24/7 jaň ediň
Aşgabat
Sport myhmanhanasy umumy meýdany 64 130 inedördül metre barabar bolan döwrebap dört ýyldyzly myhmanhanadyr. On gatly bina ýokary seýsmiki durnuklylyk talaplaryna laýyklykda gurlupdyr.
Myhmanhanada jemi 398 otag bar. Olaryň hatarynda adaty otaglar, ýarym lýuks we lýuks otaglar, VIP myhmanlar üçin niýetlenen otaglar hem-de mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglar bar.
Maslahatlary we resmi çäreleri geçirmek üçin myhmanhanada 700 orunlyk uly mejlisler zaly we dürli görnüşdäki çäreleri geçirmäge zerur tehniki enjamlar bilen üpjün edilen kiçi gepleşik zallary bar. Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen dolandyryş otaglary we zalyň ähli meýdanyny gurşap alýan simsiz ýaýlym ulgamy sinhron terjimäni üpjün edýär. Ulgam ses we şekil signallaryny köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin niýetlenen ýörite zala hem geçirmäge mümkinçilik berýär.
Myhmanhanada döwrebap enjamlaşdyrylan köpugurly zal, üç restoran, bar, howuzlar, spa merkezi, fitnes merkezi, sauna we banket zaly hem bar.
Otaglar barada maglumat:
Myhmanhananyň amatlyklary we hyzmatlary:
Otagdaky amatlyklar: